SOŇKY HABARLAR
Türkmenistana Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Kazan şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Kazan şäheriniň “Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy. Forumda ilkinji bolup türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara...
Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri...
Türkmenistanyň wekilýetiniň Uganda Respublikasyna sapary barada
2026-njy ýylyň 10-15-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Uganda Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanan Ýoweri Kaguta Museweniň ýokary döwlet wezipesine resmi taýdan girişmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşmak maksady bilen Kampala şäherinde saparda boldy. Çäre Ugandanyň paýtagty Kampala şäherinde ýerleşýän Kololo dabaralar meýdançasynda geçirildi. Dabara tamamlanandan soňra türkmen wekiliýeti En...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, ş...
Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal Uniwersitetinde Nowruz baýramyna bagyşlanan halkara festiwaly geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Stawropol şäherindäki Demirgazyk-Kawkaz Federal uniwersitetinde (DKFU) halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan giň göwrümli halkara festiwaly geçirildi. Bu çäräniň guralmagynyň türkmen talyplaryna ynanylmagy, medeni alyş-çalyş we milli däp-dessurlary dabaralandyrmak üçin özboluşly meýdançanyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Festiwala DKFU-da bilim alýan Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Täjigistanyň, şeýle hem beýleki...
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Iki ýokary okuw mekdebiň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan özara gyzyklanmalary nazara alýan bu resminama, ylym ulgamynda utgaşdyrmany çuňlaşdyrmaga, onuň innowasion gazananlaryny bilim işinde ulanmaga hem-de medeni baglanyşyklary durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Dabarada, ilki bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen...