Saglygy goraýyş we Bilim ministrlikleriniň wekilleri bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň arasynda Astrahan şäherinde wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
13-nji fewralda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetleriniň arasynda Türkmenistanyň Bilim we Saglygy goraýyş ministrlikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda iki uniwersitetiň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek, ylmy barlaglaryny geçirmek, okatmagyň usullaryny we okuw tejribelerini paýlaşmak bilen bagly mümkinçilikleri barada ara-alnyp maslahatlaşyldy.
Bu wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde saglyk we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädime eýe bolup durýar.