W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly medeni çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan möhüm üstünlikler, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilen özgertmeler barada çykyş etdiler.
Çykyş tamamlanandan soňra, talyplaryň ýerine ýetirilmegi bilen türkmen halk aýdymlarynyň we dep, dutar, gopuz hem-de tüýdik milli saz gurallarynda sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen çäre dowam etdirildi. Şeýle-de, çärede türkmen milli tansy “Küştdepdi” ýerine ýetirildi.