img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Astrahanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişini gurady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda esaslandyrylan bu halkara baýramçylyk, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologiýa medeniýetiniň we halklaryň arasyndaky raýdaşlygyň ýokary ähmiýetini dabaralandyrýar.

Sport çäresi, sebitiň merkeziniň iň gözel künjekleriniň biri bolan Wolga derýasynyň kenarýakasynda badalga aldy. Oňa Konsullygyň işgärleri we Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Konsullyk tarapyndan guralan welosiped ýörişi, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň ýurduň baý medeni mirasyny we onuň ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe gidişini özünde utgaşdyryp, dostluk, ynam we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşdy.

Welosiped ýörişi şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly ýagdaýda tamamlandy we oňa gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly täsirler galdyrdy.