AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.I.Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti şu ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Ismail oglu Mamedow bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlary boýunça türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle hem iki ýurduň Arkalaşygyň çäklerindäki özarahereketleriniň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler.