TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY AŞGABADA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary D.Saidyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistan Respublikasynyň wekilçilikli wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi.

Günüň ikinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özarahereket etmegiň meselelerine seredilip geçildi.