Türkmen talyplary “Biz sagdyn durmuşyň tarapdary” alty şygar astynda ýygnandylar

Mälim bolşy ýaly, halkyň abadançylygy we sagylygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan bedenterbiýe we sport hereketi baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Sporty we bedenterbiýäni halka ýaýratmakda we wagyz etmekde sagdyn durmuşy alyp barmakda Milletiň Liderimiziň hut özi görelde bolýar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2017 ýyl “Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly” diýlip yglan edildi. Yglan edilen ýyl mynasybetli, hem-de 2017 ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) dürli sport çärelerini yzygyberdi geçirip dur.

Şol çäreleriň biri hem, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan şäherindäki türkmen talyplarynyň “Berkarar” geňeşi bilen bilelikde 26.07.2017 senede ir-bahar säheri bilen geçirilen ylgamak boýunça sport marafony boldy. Geçirilen sport marafony Astrahan şäheriniň Wolga derýasynyň kenar ýakasyndäki Pýotr I - njiniň ýadygärligi we Magtymguly Pyragynyň Astrahan şäherindäki heýkeli aralygynda bolup geçdi. Sport çärä gatnaşmak üçin Astrahanda bilim alýan Türkmenistanyň we daşary ýurt raýatlary ýygnandylar. Jemi 6 kilometra uzaýan bu marafon “Biz sagdyn durmuşyň tarapdary” alty şygar astynda geçip, bu aralygy talyplar ýeňillik bilen geçmegi başaryp özleriniň sagdyn durmuş alyp barýandyklaryny subut etdiler. Marafon çekeleşikli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Bäşleşikde ilkinji gelenlere Konsullyk tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy.

Şular ýaly çäreleriň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) tarapyndan yzygider geçirilýändigini we geljekde-de talyplaryň sporta bolan duýgularyny ýokarlandyrmak maksadynyň bardygyny bellemek gerek.