TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ JEMGYÝETÇILIGINI DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNY BILEN TANYŞDYRDY

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi.

Bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli syny bolup durýandyr. EKOSOS-yň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli mejlisde çykyş etmek bilen Türkmenistanyň wekiliýeti Forumyň gatnaşyjylaryny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, DÖM-nyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýan esasy milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. Çykyş wideo-görkezilişi bilen utgaşdyryldy, ol wekillere milli derejede gazanylan esasy görkezijileri, sebit hem-de halkara derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny we tekliplerini wizual ýagdaýda görkezdi. Has takygy, içeri hem-de daşary syýasatyň ulag, energetika we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Esasy görkezilişiň jemlenmegi boýunça DÖM-nyň ýaş Ilçisi çykyş etdi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň wekili ýaş nesliň adyndan Ýokary derejeli foruma ýüzlenmegi üçin BMG tarapyndan saýlanyldy. Forumyň başlygy hem-de oňa gatnaşyjylar öz teswirlerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň çekilmegi boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, ýurduň bu ugurdaky syýasatynyň DÖM-nyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň mysaly bolup biler diýip aýratyn nygtady.

Global wezipeleriniň hem-de görkezijileriniň özarabaglanşygynyň seljermesinde öz beýanyny tapýan innowasion çemeleşmäniň ulanylmagy Türkmenistanyň MMS-nyň tapawutlandyryjy aýratynlygy bolup durýandyr. 

Esasy çykyşlaryň tamamlanmagy boýunça interaktiw dialog geçirildi, onuň barşynda BMG-niň agza-döwletleriniň wekiliýetleri Türkmenistanyň wekillerine sowallary bermäge hem-de edilen çykyşlary teswirlemäge mümkinçilik aldylar.

Şol gün türkmen wekiliýeti Baş Sekretaryň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Lýu Çženmin, Baş Sekretaryň orunbasary, BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow hem-de Baş Sekretaryň syýasy meseleler we parahatçylygyň dikeldilmegi meseleleri boýunça Kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşyklary geçidiri.