«ТÜRKMENAWTOULAGLARY» AGENTLIGINIŇ WE «KAMAZ» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabatda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň we «KAMAZ» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň, şol sanda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri we «KAMAZ» JPJ-niň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň iýunynda Russiýa Fedrasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň barşynda gol çekilen «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler.

Şeýle-de wideomaslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda KAMAZ» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň hyzmat hem-de okuw merkezleriniň gurluşygyna degişli we özarahereketleriň beýleki wajyp ulgamlarynda öň gazanylan ylalaşyklaryň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.