“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ WE KAZANYŇ DIKUÇAR ZAWODYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

  Türkmen tarapyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, tatar tarapyna bolsa Kazanyň dikuçar zawodynyň dolandyryjy direktory Ýu.Pustowgarow ýolbaşçylyk etdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň awiatehnikalary satyn almak ugrunda aýratyn durlup geçildi. Taraplar Kazanyň dikuçar zawodynda öndürilýän lukmançylyk üçin niýetlenen we beýleki dikuçarlary, şeýle-de ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp edilýän serişdeleri hem-de zerur enjamlary satyn almak meselelerine aýratyn ünsi çekdiler.   

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda uçarman we inžener-tehniki işgärlere okuw sapaklaryny bermek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.