Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişme memorandumyna gol çekildi

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişme memorandumyna gol çekildi, şol sanda:

Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekillik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle hem 

Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we Merkezi Aziýada Sebitleýin ekologiki merkeziniň arasynda.

Bu çäre Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda resmi ýagdaýda geçirildi.

Memorandumlaryň esasy maksady Merkezi Aziýada suw boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde, Aral deňziniň jülgesinde sosial-ykdysady we ekologiki ýagdaý amatlyklaryny gowylandyrmakda goldaw bermek we şeýle-de tehniki ýardam bermek bolup durýar.

Memorandumlara gol çekilenden soň taraplar bu memorandumlaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde goşmaça itergi boljakdygyna öz ynamlaryny bildirdiler, bu hem öz gezeginde  Aral deňziniň jülgesiniň ýaşaýjylarynyň bähbidi üçin hyzmat eder.