SOŇKY HABARLAR
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň netijeli h...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgele...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikas...
Astrahanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişini gurady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda esaslandyrylan bu halkara baýramçylyk, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologiýa medeniýetiniň we halklaryň arasyndaky raýdaşlygyň ýokary ähmiýetini dabaralandyrýar. Sport çäresi, sebitiň merkeziniň iň göze...
Состоялись праздничные мероприятия, посвященные Международному дню защиты детей
1 июня 2026 года по всему Туркменистану состоялись праздничные мероприятия, посвященные Международному дню защиты детей. В честь этого праздника, уважаемый Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил праздничное обращение детям и народу независимого, нейтрального Туркменистана. Торжественное мероприятие также состоялось в столичном парке культуры и отдыха «Ашхабад». Мероприятие было организовано министерствами иностранных дел, образования, здравоохранения и медицинской промыш...
Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistan bilen...