TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Başlyk Si Szinpin sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň net...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda»
Hormatly hytaýly dostlar! Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli b...
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Konsullykda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli maslahat geçirildi. Bu masalahata Konsullygyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy, Astrahan oblastynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary we Russiýa Federasiýasynda bilim alýan talyp ýaşlary gatnaş...
Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti HHR-da iş saparda boldy
Ýakynda Türkmenistanyň zenanlardan ybarat wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Iş saparyň dowamynda birnäçe wajyp duşuşyklar geçirildi. Medeni diplomatiýa uzak möhletleýin durnuklylyga, abadançylyga gönükdirilen strategik maýa goýum bolup durýar. Medeniýet, sungat, ylym-bilim, sport ýaly wajyp ugurlarynda gatnaşyklary ýola goýmak iki halkyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Bu ugurlarda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, Türkmenistan we...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
2025-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gu...
В Москве состоялась встреча Министров иностранных дел Туркменистана и Российской Федерации
28 августа 2025 года в Москве прошла встреча Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром иностранных дел Российской Федерации Сергеем Лавровым. Главы внешнеполитических ведомств с удовлетворением отметили плодотворный характер межгосударственного диалога, выстраиваемого на принципах углублённого стратегического партнёрства. Сделав акцент на ключевой роли контактов на высшем и высоком уровне, участники сошлись во мнении, что данные встречи являются главным фактором ук...
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen...