SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, iş sapary bilen Aşgabada gelen, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky işjeň we netijeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Iň ýokary derejeli we ýokary derejeli aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde e...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimlini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de azerbaýjan wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Azerbaýjanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza i...
Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň netijeli h...
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dost-doganlyk, özara düşünişmek ýörelgele...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň ykdysady taýdan okgunly ösýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini...
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkiýe Respublikas...
Astrahanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişini gurady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda esaslandyrylan bu halkara baýramçylyk, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, ekologiýa medeniýetiniň we halklaryň arasyndaky raýdaşlygyň ýokary ähmiýetini dabaralandyrýar. Sport çäresi, sebitiň merkeziniň iň göze...