SOŇKY HABARLAR
ŽENEWADA “MEDENI ÝAKYNLYK: MEŇZEŞLIK KÖP DÜRLÜLIKDENDIR” ATLY BILELIKDÄKI SERGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Ženewa şäherinde Intellektual Eýeçiliginiň Bütindünýä Guramasynyň (WIPO) Assambleýasynyň 58-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň girýän Merkezi Aziýa, GDA we Kawkaz ýurtlarynyň sebitleýin toparynyň (CACEEC) agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Medeni ýakynlyk: Meňzeşlik köp dürlülikdendir” atly bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergini WIPO guramasynyň Baş sekretary jenap Frensis Garri CACEEC ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalarynyň baştutanlary bil...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
PRESS-RELIZ Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy. Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...
ПРЕСС-РЕЛИЗ
25 сентября 2018 года в преддверии 27-й годовщины независимости в Ашхабаде под председательством Президента Гурбангулы Бердымухамедова состоялось первое заседание Халк Маслахаты (Народного Собрания) Туркменистана. На повестку дня общенационального форума, ставшего знаковым событием в жизни страны, было вынесено обсуждение приоритетных задач дальнейшего развития Туркменского государства и общества. Являясь высшим представительным органом, действующим в соответствии с Конституцией Туркменистана...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...