SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy
Hormatly Başlyk! Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary hem-de agzalary! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlamaga we netijeli işleri arzuw etmäge rugsat ediň! Hanym Annalena Berbogy Baş Assambleýanyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlaýaryn we oňa üstünlikleri arzuw edýärin. Şeýle hem ozalky sessiýanyň dowamynda Baş Assambleýanyň işine netijeli ýolbaşçylyk edendigi üçin ilçi Filem...
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň umumy maslahatlaşmalar hepdesi başlandy. Sessiýa «Bilelikde işleşmek: parahatçylyk, ösüş we adam hukuklary ugrunda 80 ýyllyk hyzmatdaşlyk we öňe tarap ugur» atly şygar bilen açyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. BMG-nyň...
Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly medeni çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň wekilleri hem-de institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşl...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Eswatininiň Patyşasy şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bol...
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy pur...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutany BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutany Baş sekretar...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat...