SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniý...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu möhüm diplomatik wezipäniň taýýarlyk işleri barada Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Bu sapar doganlyk ýurtlaryň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny düýbünden täze wezipä ýokary götermäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýady 120-den gowrak resminaman...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...
Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-19-njy iýunynda Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we döredijilik hem-de kreatiw industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy. Çärä Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Belarusuň Premýer-ministri Aleksandr Turçin, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiň Diwanynyň Ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliý...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ik...
Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, energetika we syýahatçylyk boýunça federal ministrliginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy Elizabet Waýssenbýögiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gaza...