img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Okt

ASTRAHANDAKY GENERAL-ADMIRAL F.M.APRAKSIN ADYNDAKY KASPIÝ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY INSTITUTYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK AGŞAMY GEÇIRILDI

2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň  (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda institutda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi. Döredijilik agşamyna Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň  (Astrahan ş.)  Diplomatlary, Institut...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Pakistan Yslam Respublikasyna saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Türkmen tarapy öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ŞHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin obýektiw we hakyky mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistan DIM-niň, ylmy intellegensiýadan ybarat bolan Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň agzalary, ylym-bilim pudagynyň işgärleri, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde M...

DOWAMY
pic
16 Okt

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyk günine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan tegelek geçirildi. Tegelek stola Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor...

DOWAMY
pic
15 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we...

DOWAMY
pic
14 Okt

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumynyň jemleri boýunça brifing

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň jemleri boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde çykyş edenler şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aş...

DOWAMY
pic
14 Okt

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş,...

DOWAMY