img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Few

Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy. 16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsy...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rolliansýah Soemiratdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp...

DOWAMY
pic
17 Few

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-na sapary başlandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýe...

DOWAMY
pic
4 Few

W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanyp medeni çäre geçirildi

W.N. Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Gadam Ilamanowyň gatnaşmagynda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlar we uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary ýygnandylar. Konsul öz çykyşynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň iki sany möhüm şertini, ýagny halkyň däp-...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Marokkonyň wekiliýetine Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministrliginiň Aziýa we Okeaniýa...

DOWAMY
pic
27 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, yzygiderli syýasy-diplomatik dialogyň möhümdigi hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň ç...

DOWAMY
pic
26 Ýan

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän...

DOWAMY