img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Ýan

Türkmenistanda Çad Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Aşgabatda SPECA hepdeliginiň çäginde Ykdysady forum öz işine başlady

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzüml...

DOWAMY
pic
22 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýe...

DOWAMY
pic
9 Ýan

Al-Nasr and Arkadag Football Clubs are to play historic match

A unique football match will take place in Ashgabat on February 11, 2026. Al-Nasr Football Club will visit Turkmenistan for the first time to face the national champion, Arkadag FC, in the Round of 1/8 of the Asian Football Confederation Cup 2. The game will be held at the Olympic Village Stadium. This match is expected to be a significant event for football fans in Turkmenistan. Al-Nasr FC, coached by Cristiano Ronaldo, will play Arkadag FC, which has established itself as one of the l...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşy...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG bilen hyzmatdaşlygyň aşakdaky ugurlaryna aýratyn üns berdi. Ilki bilen, dip...

DOWAMY
pic
8 Ýan

Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň rumyn diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary...

DOWAMY