SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki konserti geçdi
Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kons...
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna ýaşaýan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrbynyň Atal obasynda konsert geçdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli Astrahan şäherinde gelen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna 2015-nji ýylyň 14-nji noýabrynda ir-säher bilen türkmeniň klassiki şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine dabaraly gül desselerini goýmak çäresi geçdi. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Astrahan oblastynyň hökümetiniň agzalary, Astrahan oblastyndaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçylary we Astrahan şähe...
Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady
Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralyr mynasybetli Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady. 2015-nji ýylyň 09-nji noýabrynda türkmen kinolarynyň günleriniň ilkinji güni geçdi....
TÜRKMENISTAN BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2015-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ermeni tarapyň wekiliýetine Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Şawarş Koçarýan ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyk...
Türkmenistanyň Ilçisi Braziliýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Brazilia şäheriniň «Planaltu» Köşgünde Türkmenistanyň Braziliýadaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi A.Ataýewanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Dilma Russeffe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy. Gepleşikleriň dowamynda Braziliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny ýetirmegini sorady we türkmen halkynyň gülläp ösmegini arzuw etdi. Resmi kabul edişligiň dowamynda D.Russeff Türkmenistan b...
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...