SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwd...
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň wezipä bellenilen Baş sekretary Sun Weýdunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda A.Gurbanow myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we täze işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamasy kabul edildi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Oňa laýyklykda, Baş Assambleýa tarapyndan halkara maslahaty şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlar...
Dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň barşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň şygary –“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy”. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümk...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine we “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Çärä Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitet...
Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde geçirilen “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik be...
Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy boldy. Bu orta mekdep okuwçylarynyň arasyndaky bäsleşik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Konsuly, mugallymlar, mekdep okuwçylar we olaryň e...