SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyn...
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň ýylyň 23-nji iýulynda Maldiwler Respublikasynyň Male şäherinde Prezident Köşgünde Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizzu öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetire...
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady
2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň binýady hökmünde tebigy serişdeleri dolandyrmak» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynda çykyş etdi. BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekil öz çykyşynda Türkmenistanyň tebigy serişdeleri jogapkärçilikli, adalatly we...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy...
Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň ýokary derejeli böleginiň «Has gowy netijeleri gazanmak: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bo...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Donald Trampyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow myhman...
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanýan üstünlikleri...