TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugur...
Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň...
ASTRAHANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY WE GARAŞSYZLYGYŇ 33 ÝYLLYGY MYNASYBETLI SPORTUŇ KIÇI –FUTBOLY GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 13-14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) gurnamygynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň Doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sportuň kiçi- futboly görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Astrahan we Stawropol sebitlerindäki hemişelik ýaşaýan Türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyp ýaşlaryndan ybarat to...
Türkmenistanyň DIM-nde Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasa...
Wengriýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Ýožef Rožanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur b...
Aşgabatda CARICC-iň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça brifing geçirildi
2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabatda «Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-iň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri» atly brifing geçirildi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň (CARICC) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnan brifingine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryny...