TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji sentýabryndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pu...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň döwlet Baştutany Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaş...
ELISTA ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda KalmykiýaRespublikasynyň Elista şäherinde geçirilýän “Halklar asyrlar boýy” atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli«Bakylygyň nyşanlary: Türkmenler bilen Kalmyklaryň arasyndaky dostlyk we doganlyk köprüsi» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsuly G.Ilamanow, Kalmykiýa Respublikasynyň Halk Huralynyň (Mejlisiniň) başlygy A.Mihaýlow, Kalmykiýa...
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara...
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň go...
Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory bilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Gepleşik...
Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň...