TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Iwanowiç Woronkow bilen duşuşyg...
Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen duşuşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, ony Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we şanly sene mynasybetli guralýan dabara...
Türkmen halkynyň Milli Lideri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «СLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň (GFR) başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy ar...
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig we “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy. Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna iň go...
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Konfederasiýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, türkmen...
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň orunbasary – hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag, logistika we gämi abatlaýyş pu...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Şu gün, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şanly senäniň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen umumymilli forumyň gün tertibine halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üst...